Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur zoolog we telealypbaryjy Nikolaý Drozdow türkmen dilini bilýändigini görkezdi

13:1828.12.2020
0
38495

Meşhur zoolog we «Haýwanlar dünýäsinde» atly meşhur telegepleşigiň alyp baryjysy Nikolaý Nikolaýewiç Drozdow özüniň «You-Tube» kanalyndaky «Hemme zat haýwanlara meňzeýär» gepleşiginde ýaş tebigaty söýüjiler üçin sapak berdi.

Sapagyň dowamynda ol çagalaryň çöl haýwanlary baradaky sowallaryna jogap berdi.

Drozdow Merkezi Aziýanyň iň zäherli ýylany bolan efe baradaky gürrüňinde ol ýylanyň bu görnüşine türkmen dilinde näme diýilýändigine aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýdyşy ýaly, efeler Türkmenistanda hem köpçülikleýin ýaşaýar.

Türkmenlerde oňa «keseýören» diýilýär ― diýip, zoolog çagalara bu sözüň manysyny düşündirdi.

80 minut töweregi dowam eden sapakda çagalar ondan Afrikanyň we Aziýanyň çölleri barada köp zatlary öwrendiler.

Sowet döwründe Nikolaý Drozdow Türkmenistana birnäçe gezek geldi. Şol sanda ol «Haýwanlar dünýäsinde» atly gepleşik üçin biziň ýurdumyzdan gyzykly maglumatlaryň uly toplumyny toplady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň