ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Tramp, Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeni, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modini we Awstraliýanyň Premýer-ministri Skott Morrisony ABŞ-nyň «Hormat Legiony» atly harby ordeni bilen sylaglady.
ABŞ-nyň Prezidentiniň Milli Howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Robert O'Braýen baýraklary ilçilere gowşurdy.
Maglumatlara görä, Abe erkin hem açyk Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ýolbaşçylygy we gözýetimi üçin, Modi Amerikan-Hindi strategiki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda bitiren hyzmaty üçin, Morrison bolsa global meselelere tiz jogap bermeklikde we köpçülikleýin howpsuzlygy ösdürmeklikde bitiren hyzmaty üçin sylaglandy.