Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew: «Gazagystanda doganlyk ýurduň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar»

21:5412.12.2020
0
5172

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Prezident Berdimuhamedowa gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:

«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň ýurduňyz bu hukuk ýagdaýyna berk eýerip, milli özboluşlylygy hem-de daşary syýasatda sazlaşygy saklap, döwlet gurluşynda, möhüm syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikler gazandy.

Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde Türkmenistan dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge saldamly goşant goşýar.

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etjekdigine ynanýaryn.

Gazagystanda doganlyk ýurduň üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de köpasyrlyk ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýärler.

Şu  şanly günde, hormatly  Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyňyzy, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň