Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

23:4010.12.2020
0
3515

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä we Kataryň dostlukly halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutany onuň Alyhezretine “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda Size medet bersin!” diýip dileg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň