Top.Mail.Ru

Hytaýyň “Sinovac” atly koronawirus sanjymynyň 97 göterim täsirlidigi yglan edildi

17:3608.12.2020
0
1955

Hytaýyň “Sinovac” atly koronawirus sanjymynyň ilkinji netijeleri synaglaryň 3-nji tapgyrynda belli boldy. Indoneziýanyň “Bio Farma” atly döwlet derman gullugy sanjymyň 97 göterim goragy üpjün edýändigini habar berdi.

Hytaý sanjym öndürijisi “Sinovac Biotech Ltd.” şereketi tarapyndan işlenip düzülen we Indoneziýa synag üçin iberilen koronawirus sanjymynyň synagynyň 3-nji tapgyrynyň netijeleri yglan edildi.

Indomeziýada “Sinovac” sanjymynyň 3-nji tapgyrynyň synagy 1600 meýletinçi-de geçirildi. Netije-de, bu sanjymyň 97 göterim goragy üpjün edýändigi aýan edildi. Bu barada “BioFarma”-nyň metbugat sekretary Iwan Setiawan: “Kliniki barlag toparymyz, bir aýyň içinde geçirilen barlaglaryň netijesinde sanjymyň netijeliliginiň 97 göterime çenli ýokarlanandygyny anyklady.”  – diýip belläp geçdi. Şeýle hem ol, sanjymyň ulanylmagyna diňe 2021-nji ýylyň ýanwarynda  ygtyýarlyk beriljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň