Soňky habarlar

Arhiw

Tmchat atly milli messenjer programmasynyň tanyşdyrylyşy boldy

18:3505.12.2020
1
38712

Şu gün, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi onlaýn habarlaşmaklyk üçin niýetlenilen Tmchat  atly täze milli messenger programmasyny  hödürledi.

«Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen milli messenger programmasy Android we IOS platformalary üçin elýeterli bolar. Bu programmany Play Market  bilen Appstore-dan ýükläp alyp bolar.

Programmada hasaba alyş telefon belgisi arkaly amala aşyrylýar.

Tmchat programmasynda şu aşakdaky aýratynlyklar bar:

  • tekst habarlaryny ibermeklik;
  • ses we wideo jaňlaryny ibermeklik;
  • suratlar alyşmaklyk;
  • toparlaýyn söhbetdeşlik.

Programma ulanyjylara peýdalanmaklyk üçin mugt berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Orazmukhammet7 ( 09.01.2021 )

Programma gowy emma pes internetde ishlanok dine WiFi-da ishledi, a oba yerlerinde bolsa WiFi ulanmak uchin mumkinchilik yok...

4