Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Silap Hankuliýew («Miweli ülke»): «Ýylyň islendik wagtynda sarp edijileri oba hojalyk önümleri bilen üpjün edip bileris!»

12:0003.12.2020
0
15910

Türkmenistany hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara sergide hususy önüm öndürijiler özleriniň önümçilikde gazanan üstünliklerini, harytlaryny we hyzmatlaryny görkezýärler.

«Miweli ülke» hususy kärhanasynyň wekili Silap Hankuliýew «Türkmenportal» saýtynyň habarçysyna bu kompaniýanyň gazanan üstünlikleri we geljek üçin niýetlenilen meýilnamalary barada gürrüň berdi.
 –  Mary şäherinde ýerleşýän  «Miweli ülke» hususy kärhanasy oba hojalygy önümleriniň we hyzmatlarynyň içerki bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. 2016-njy ýylda döredilen bu kompaniýa ýurdumyzyň bazarlaryny hem dükanlaryny miwe we gök önümler bilen üpjün edýär.

Arassalanyp, saýlanyp we gaplanyp sarp edijilere iberilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri taýýarlamaklyk üçin ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki daýhanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris.

Häzirki wagtda oba hojalyk önümlerini ter görnüşde saklamak üçin, kuwwatlylygy 1000 tonna bolan sowadyjy ammary ulanýarys. Hususy kärhanamyzyň iş dolanyşygy ýylsaýyn ösýär we önümçiligi giňeltmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Häzirki wagtda kuwwatlylygy 10,212 tonna bolan sowadyjy ammaryň gurluşygy güýçli depginli ýagdaýda alnyp barylýar. Bu ammarda gök önümler bilen miweleriň tagamyny we peýdaly häsiýetlerini ýitirmän saklap bolýar.

Mysal üçin, almany + 1 / + 3 dereje temperatura şertlerinde, banany bolsa + 12 / + 14 dereje temperatura şertlerinde 3-4 aýlap saklap bolýar. Ýer alma özüniň dürli görnüşlidigine garamazdan, peýdaly iýmitlik aýratynlyklaryny ýitirmän, 5-10 aýlap,  + 5 / + 6 dereje temperatura şertlerinde saklanýar. Ýylyň islendik wagtynda sarp edijilerimizi oba hojalyk önümleri bilen üpjün edip bilýäris. Şeýle hem, goňşy ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmeklik bilen meşgullanýarys.

Hususy önüm öndürijiler üçin ýer bölüp bermeklik baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmeklik maksady bilen Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çägindäki 50 gektar ýerde ýyladyşhana toplumynyň gurluşygyny meýilleşdirýäris. Täze taslamalaryň sanynyň köpelmegi bilen, hususy kärhanamyzda işleýän işgärleriň sany-da köpelýär. Häzirki wagtda «Miweli ülke» hususy kärhanasynda 250-den gowrak adam işleýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara sergisine hödürlenen pawilionymyz iki bölümden ybarat. Birinji bölüm hususy kärhanamyzyň häzirki güne çenli amala aşyran işlerine bagyşlanýar, ýagny hyzmatlarymyzy we üstünliklerimizi myhmanlar bilen tanyşdyrýar. Ikinji bölüm bolsa kärhanamyzyň geljek üçin meýilleşdiren taslamalary barada maglumat berýär. Ine, banan we sitrus miwelerini ösdürip ýetişdirmek üçin gurmagy meýilleşdirilýän ýyladyşhana toplumymyzyň nusgasy.


 
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen gutlaýaryn. Hemmelere saglyk, abadançylyk we işde üstünlik arzuw edýärin!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň