Kadyrowa ― Toýçyýewa ýaryşynda ýeňiji...

17:3928.11.2020
0
1426

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň zenanlarynyň arasyndaky ýaryşynyň 76 kilograma çenli agram derejesindäki göreş has-da gyzykly boldy. Munuň esasy sebäbi bu  agram derejesinde halkara tejribesi ýetik türgenleriň ikisiniň ― Gülnabat Kadyrowanyň we Aýsoltan Toýçyýewanyň ýaryşmagydyr.

Olimpiýa oýunlary ― 2016-a gatnaşyjy Gülnabat Kadyrowa şondan bir ýyl soňra Azerbaýjanda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy. Geçen ýyl bolsa ol türkiýeli agyr atletikaçy Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşyň wise-çempiony bolmagy başardy. Gülnabat Kadyrowanyň dürli ýylarda geçirilen Aziýa çempionatlarynda Aziýa oýunlarynda we geçen ýylky dünýä çempionatynda ilkinji ýedilige girmegi başarandygyny hem aýtmak gerek.

Toýçyýewleriň agyr atletikaçylar maşgalasynyň parlak ýyldyzlarynyň biri Aýsoltan Toýçyýewa bolsa karýerasyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň (Aşgabat ― 2017) we şu ýyl geçirilen Halkara Raýdaşlyk çempionatynyň kümüş medallary bilen bezedi. 2017-nji ýylda Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda, geçen ýyl Aziýa çempionatynda we Naýym Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen hallkara ýaryşda hormat münberine çykmagyň bäri ýanyndan gaýdan agyr atletikaçy zenan başga-da dürli halkara ýaryşlarda ýurdumyza ussatlyk bilen wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň şu gezekki açyk çempionatynyň zenanlaryň arasyndaky ýaryşynyň 76 kilograma çenli agram derejesinde esasy üns ýene şu iki türgeniň üstünde boldy. Garaşylyşy ýaly, olar beýleki üç bäsdeşinden görnetin tapawutly netijeleri gazandylar. Ýöne ikisiniň arasyndaky ýaryş Gülnabat Kadyrowanyň üstünliginde geçdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 209 kilogramlyk netije görkezen türgen silterlemekde 94, itekllemekde 115 kilogram agyrlykdaky ştangany başynyň üstüne galdyryp bildi. Şeýlelikde, bu netije bilen Türkmenistanyň çempiony boldy.

Aýsoltan Toýçyýewa bolsa bu görnüşleriň ilkinjisinde 86, ikinjisinde 110 kilogram agyrlygy eýgerdi. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 196 kilogram agyrlyga ýetip bildi we kümüş medal gazandy. Ýaryşda üçünji orny Gülkamar Atahanowa (75+75=150 kg) mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň