Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi Polina Gurýewa agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

16:5928.11.2020
0
1665

2017-nji ýylda Azerbaýjanda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda agyr atletika boýunça altyn medala mynasyp bolan 21 ýaşly türgen Polina Gurýewa üstünlikleriniň üstüne Türkmenistanyň çempionlygyny hem goşdy. Ol ýurdumyzyň açyk çempionatynda 64 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy.

Bu agram derejesindäki ýaryşlara zenan agyr atletikaçylaryň üçüsi gatnaşdy. Polina Gurýewanyň beýleki iki bäsdeşinden görnetin tapawutlanandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 207 kilogram (92 kg, 115 kg) netije görkezip, ikinji orundaky bäsdeşi Ferýuza Döwletowadan 57 kilogram tapawut bilen öňe saýlandy. Ýaryşy üçünji orunda tamamlan Gülşat Durdyýewa bolsa iki görnüşiň jemi boýunça 140 kilogramlyk netije görkezdi.

Yslam Raýdaşlyk oýunlaryndaky üstünliginden başga-da, Polina Gurýewanyň 2013-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky toparlaýyn Aziýa çempionatynda kümüş, mundan iki ýyl ozal geçirilen yklym ýaryşynda bolsa bürünç medal eýeländigini ýatlamak gerek. Ol geçen ýyl ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem üçünji ornuň bäri ýanyndan gaýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň