Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň sanawynda üç basgançak aşak düşdi

19:4127.11.2020
0
8217

FIFA saýtynda milli ýygyndy toparlaryň sanawyny täzeledi. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy üç setir aşak düşüp, 132-nji orny eýeledi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyz 1107 utuk toplap, Gwatemala bilen Ruandanyň arasynda ýerleşýär.

Sanawda öňdeligi, öňküsi ýaly, Belgiýa eýeleýär. Häzirki dünýä çempiony fransuzlar bolsa ikinji ýerde. Olardan aşakda Braziliýa, Angliýa, Portugaliýa, Ispaniýa we beýleki toparlar bar.
Sanawda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäsdeşleri aşakdaky ýerleri eýeleýärler: Koreýa Respublikasy - 38-nji ýer, Liwan - 92-nji ýer, KHDR - 115-nji ýer, Şri-Lanka - 206-njy ýer.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň milli ýygyndysy hiç hili resmi oýunlara gatnaşmady we indi gatnaşyp ýetişmez. Çünki, Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogy-2023 we Katarda geçiriljek dünýä çempionaty-2022 üçin saýlama ýaryşlary 2021-nji ýyla yza süýşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň