Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur serial 8 ýyllyk arakesmeden soň ekranlara dolanar

18:3727.11.2020
0
1422

Soňky bölümi 2013-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda görkezilen “Dexter” 8 ýyllyk arakesmeden soň, 9-njy möwsümiň bölümleri bilen täzeden ekranlara dolanýar. Millionlaryň söýgüsini gazanan serialda baş keşbi ýene-de Maýkl Si. Holl (Michael C. Hall) janlandyrar. Drama görnüşli serialda Klaýd Filips hem surata düşer. Serialyň täze 10 bölümi 2021-nji ýylyň güýzünden başlap “Showtime” kanalynda görkeziler. Jeff Lindseýiň “Darkly Dreaming Dexter” atly romany esasynda ekranlaşdyrylan serialyň soňky möwsümleriniň bölümleri romandan garaşsyz ýagdaýda surata düşürildi. Serialda Maýami Metro polisiýa müdirliginiň jenaýat agtaryş bölüminiň işgäri bolan Dekster Morganyň ýaşryn durmuşy bar. Ol hiç kim tarapyndan bilinmeýän bu durmuşynda ganhor bolup hereket edýär. Täze 10 bölümlik “limited” (çäkli) ýagdaýda görkeziljek serialyň 6 bölümine 8-nji möwsümiň režissýory Markos Siega režissýorlyk eder. Täze bölümlerdäki wakalar ozalky bölümlerden 10 ýyl soň bolup geçýär: Morgan bu gezek Maýamide däl başga bir ýerde, başga at bilen ýaşap ýör... 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň