UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklaryň deň ýarysy oýnaldy. “E” toparçada birmeňzeş hasaplar bilen tamamlanan duşuşyklardan soň, “Çelsi” bilen “Sewilýa” 1/8 finala çykmagy başardy. “Çelsi” myhmançylykda “Renni”, “Sewilýa” hem “Krasnodary” soňky minutlarda geçiren goly bilen 2-1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, 10 utuk toplan “Çelsi” bilen “Sewilýa” toparlary wagtyndan ozal ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandylar. 4 oýunda 1 utuk alan “Krasnodar” bilen “Renn” üçin Çempionlar ligasynda ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi galmady. Galan 2 oýunda iň köp utuk toplan topar Ýewropa ligasynda ýaryşy dowam eder.
“Krasnodar – “Sewilýa” – 1:2 (Wanderson 56 – Rakitiç 4, Munir 90+5)
“Renn” – “Çelsi” – 1:2 (Girassi 85 – Hadson-Odoi 22, Žiru 90+1)

