Soňky habarlar

Arhiw

Gündogdy Atakow (Ak Bulut kompaniýasynyň direktory): Bu ýyl biz ilkinji gezek serginiň wirtual görnüşine geçdik

18:1618.11.2020
0
12727

Ykdysady üstünliklere bagyşlanylan “Bitarap Türkmenistan’ wirtual sergisi 1-nji noýabrda başlandy we aýyň ahyryna çenli dowam eder. Döwlet edaralary we hususy kärhanalar bu sergä öz stendlerini hödürlediler.

“Ak Bulut” kompaniýasynyň müdiri Gündogdy Atakow bilen ýurduň taryhynda ilkinji wirtual foruma gatnaşmak barada söhbet etdik.

Okyjylarymyza, “Ak Bulut” kompaniýasynyň Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, asma potoloklary öndürip başlandygyny ýatladalyň. Indi kärhana ýylda 4,000,000 kwadrat metr asma potoloklary we olaryň profillerini öndürmek ukybyna eýedir.

- “Ak Bulut” kompaniýasy Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergilerine yzygiderli gatnaşýar. Bu ýyl adaty bolmadyk formatdaky - wirtual sergä gatnaşýarsyňyz. Size şeýle sergä gatnaşmagyň aýratynlykly taraplary barada bize aýdyp beräýseňiz - adaty sergiden düýpli tapawutlar barmy, olar nämeler?

- Salam. Köp sag boluň, bu gaty gyzykly sorag. Kompaniýamyz her ýyl Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergilerine uly höwes bilen gatnaşýar, biz bu sergilerde kompaniýanyň ösüş tapgyrlaryny we täze önümlerini görkezýäris. Bu ýyl biz ilkinji gezek serginiň wirtual formatyna geçdik. 

Bu formatdaky serginiň oňaýly we oňaýsyz taraplary bar diýip hasaplaýaryn. Oňaýly taraplary – çykdajylaryň netijeliliginden başlap, adamlaryň dünýäniň çar künjünden bu sergini synlap bilýärler. Meniň görýän ýekeje kemçiligim, gelýänler önümlerimizi hakykatda görüp bilmeýärler, ýa-da ellerine alyp, hiline baha berip bilmeýärler. Ýöne wagtyň mazmunyny göz öňünde tutup bu ýetmezçiligi, esasanam sanly stendiň asyl nusgasynyň iň ýokary aýdyňlygyny üpjün edýänligi üçin wirtual serginiň ähli artykmaçlyklary bilen deňeşdirip bolmaz. 

- Wirtual stendiňizi döretmek we hasaba almak aňsat boldumy?

- “Ak Bulut” HJ topary öz işine ussat işgärleri işe alýandygy sebäpli, serginiň 3D modelini döretmekde we hasaba almakda uly kynçylyk bolmady.

- Sergi açylandan bäri ýarym aýdan gowrak wagt geçdi. Stendiňize näçe adamyň synlandygy barada maglumatyňyz barmy?

- Sergi başlaly bäri biziň stendimiz 5000-den gowrak adam tarapyndan synlanyldy.

- Siziň pikiriňizçe, biziň ýurdumyzda wirtual sergi ýaly çäräniň geljekde nähili gelejegi bar?

- Wirtual serginiň beýleki welaýatlarda ýa-da daşary ýurtlarda ýaşaýan adamlar üçin sergä baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilikdigine ynanýaryn. Bu, Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli önümler we hyzmatlar baradaky maglumatlaryň diňe bir ýurdumyzyň ähli raýatlaryna däl, eýsem serhetden has uzakda hem tanalmagyna mümkinçilik berýändigini aňladýar.

- Netijede, bu ýyl siziň üçin nähili geçdi?

- Bu ýyl önümlerimiziň görnüşini giňeltdik esasanam, alýumin potoloklar we gips tagta panelleri, akustiki potoloklar we panellere çenli. Müşderi bazasy ösdi we iri guramalar bilen köp girdejili şertnamalar baglaşyldy.

- Bize wagt aýyranyňyz üçin köp sag boluň! Üstünlikleriňiziň dowamly bolmagyny arzuw edýäris!

- Size hem köp sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň