Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilýard sport federasiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, sportuň bilýard görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijesine laýyklykda, Türkmen milli nebit-gaz kompaniýasynyň logistik-marketing bölüminiň baş hünärmeni, sport ussady Ibabekir Bekdurdyýew birinji, Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň çagalar bölüminiň surat mugallymy Begenç Jumagylyjow ikinji, ýurdumyzyň Bilýard sport federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Batyr Aşyrow hem-de federasiýanyň türgeni Serdar Ilamanow dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Ýeňiji bolan türgenlere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň 49-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Begençmyrat Parçamow çempionata gatnaşan «Iň ýaş türgen» diýlip yglan edilip, Hormat haty we ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.