Arhiw

Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde işjeňleri sylaglamak dabarasy geçirildi

08:2817.11.2020
0
10129

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi.

Ýaşlar guramasynyň döredilen senesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 47-si milli Liderimiziň adyndan degişli güwänamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.
Ýaşlara ýurdumyzyň «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda öndürilen «Tolkun» smart-telewizorlary sowgat gowşuryldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 900 müň agzany jemleýär.
Bu gurama 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň