Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow aýdymçy A.Saparowa özüniň gitarasyny sowgat etdi

21:2208.11.2020
0
9122

 

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda güýzlük bag ekişligine badalga berdi we sungat ussatlarynyň taýýarlan konsertine tomaşa etdi. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowy doglan güni bilen gutlap, öz gitara saz guralyny sowgat berdi.

Türkmen telewideniýasynyň habar bermegine görä, ählihalk bag ekmek dabarasy mynasybetli guralan konsertde Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň sungat ýoly, döreden aýdymlary hakynda gürrüň edip, ýaşlyk ýyllarynda hem onuň aýdymlaryny höwes bilen diňländigini aýtdy. Onuň ussat şahyrlar Atamyrat Atabaýewiň sözlerine döredilen «Çyn söýgi», Akjemal Omarowynyň sözlerine döredilen «Bilmen» atly aýdymlarynyň häzirki wagtda hem söýlüp diňlenýändigini, konsertiň dowamynda olaryň ýerine ýetirilmeginiň özboluşly lezzet paýlajakdygyny belledi. Şeýle-de türkmen Lideri özüniň Italiýa Respublikasynda saparda bolan mahaly iki sany gitara saz guralyny alyp gelendigini, olaryň birini agtygy Kerimgula berip, beýlekisinde özüniň kämahal saz çalýandygyny aýtdy. Aýdymçy Akmuhammet Saparowyň golaýda 61 ýaş toýuny belländigini aýdyp, şol gitarany oňa sowgat bermek kararyna gelendigini belledi.

Konsertiň dowamynda türkmen Lideri şol gitarada «Çyn söýgi» we «Bilmen» aýdymlarynyň sazyny çalyp, A.Saparow bilen bilelikde ol aýdymlary ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň