Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň 10 aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirildi

23:2804.11.2020
0
10623

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň dowamynda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisde

goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň geçen ýanwar-oktýabr aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde milli Liderimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini çözmek boýunça amala aşyrylan işler, şeýle hem güýzki harby gulluga çagyryş möwsüminiň barşy, ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny harby gulluga çagyryş we gullugy geçen esgerleri harby gullukdan boşatmak möwsüminiň dowam edýändigi barada;

içeri işler ministri M.Çakyýew hasabat döwründe ýurdumyzda düzgün bozmalaryň öňüni almak we jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek babatda amala aşyrylýan anyk işler, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak maksady bilen, Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler;

Döwlet serhet gullygynyň başlygy Ş.Durdyýew şu ýylyň on aýynda Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek, döwlet Baştutanynyň serhet galalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, serhetçileriň söweşjeň taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylyşy, şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, degişli kazyýet işleri alnyp barlanda kanunçylygy üpjün etmek, bu düzümiň işgärlerini hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

Baş prokuror B.Atdaýew kanunçylygyň berjaý edilişine alnyp barylýan gözegçilik işleri we şu ýylyň başyndan bäri hukuk bozmalaryň öňüni almak ugrunda ýaýbaňlandyrylan köpugurly çäreler;

milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanda durnuklylygy, kanunylygy we tertip-düzgüni degişli derejede saklamak boýunça 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri;

adalat ministri M.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda täze kanunlary işlemek üçin teklipleri taýýarlamak, şeýle hem geňeşmeleri guramak arkaly hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça ilatyň arasynda geçirilen çäreleriň netijeleri;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow şu ýylyň on aýynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milletiň Lideriniň işiň usullaryny kämilleşdirmek we bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze enjamlary, sanly ulgamy ulanmak we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly degişli düzümleriň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen çäreler;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň geçen on aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat berdiler.

Hasabatlary diňlän döwlet Baştutany olar bilen bagly tabşyrykary berdi we resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň