Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýyla çenli Lebap welaýatynda bir adama düşýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 25,6 inedördül metre deň bolar

12:0631.10.2020
0
13783

Lebap welaýatynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýaşaýyş jaýy bilen ortaça üpjünçiligiň 1 adama düşýän umumy meýdany 25,6 inedördül metre deň bolar. Şoňa çenli ýaşaýyş jaýlarynyň 262,4 müň inedördül metrligi gurlar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň ýaşaýyş-durmuşyny özgertmekligiň milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň has ýokary depginde alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diňe geçen bir ýyla golaý wagtyň dowamynda welaýat merkezinde maşgalalaryň 592-si täze öýlerinde toý saçaklaryny ýazdylar. Gurluşyklaryň ýokary depginli alnyp barylmagyna hususy kärhanalar has işjeň gatnaşýarlar. «Amul ýoly», «Belent sepgit», «Ussat peder ýörelgesi», «Altyn gül», «Asyl ýurt» we başga-da hususy kärhanalaryň onlarçasy ýokary hilli gurluşyk işleri bilen ilatyň alkyşyna mynasyp bolýar. Döwrebap binagärlik usullarynda gurlan binalar şäherleriň we obalaryň gözelligine gözellik, ýaşaýjylaryň eşretine eşret, ruhlaryna ruh goşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň