Türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

17:5327.10.2020
0
4336

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynda habar bermeklerinä görä, işjeň gepleşikleriň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolup durýandygy bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary türkmen tarapynyň Owganystanyň Hökümetiniň ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmegi ugrundaky tagallalaryny ähli ugurlar boýunça goldaýandygyny hem-de bitaraplyk hukuk derejesiniň çäginde ylalaşyk we integrasiýa prosesinde zerur bolan hemaýaty bermäge ymtylýandygyny belläp geçdi. Owganystanyň jogapkär güýçleriniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermek babatynda Türkmenistanyň taýýarlygy aýratyn beýan edildi.
Syýasy taýdan ösüş hereketiniň ykdysady öňegidişlik hem-de ynsanperwer düzüjiler bilen ysnyşykly bagly bolup durýandygyny nazarda tutup, türkmen tarapy Owganystanyň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de olary işjeň ýagdaýda öňe sürýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň agramly bukjasy bolup, ol taraplaryň ulag, kommunikasiýalar, energetika, gurluşyk, ylym-bilim we köpsanly beýleki ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýandyr. Şu ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda gol çekilen birnäçe möhüm ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalar gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň gatnaşmagynda bilelikdäki geosyýasy hem-de geoykdysady taslamalary durmuşa geçirmek babatynda sazlaşykly işleri yzygiderli dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy.
Mazmuna baý gepleşikleriň dowamynda geljegi uly taslamalaryň doly göwrümde we öz wagtynda durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň we Owganystanyň ugurdaş pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşyklarynyň has hem işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň