Täjigistanyň kubogyny gazanan «Rawşan» 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogyna gatnaşyp biler

11:4819.10.2020
0
1746
Täjigistanyň kubogyny gazanan «Rawşan» 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogyna gatnaşyp biler

Kulýab şäheriniň «Rawşan» futbol topary Täjigistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda ýeňiş gazandy. Topar aýgytlaýjy duşuşykda «Hatlony» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň habar berşi ýaly, duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda goragçy Daler Şomurodow 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şeýlelikde, Täjigistanyň taryhynda ilkinji gezek ýurduň ikinji derejeli çempionatynyň wekili Kuboga mynasyp boldy. Ýöne «Rawşanyň» 1994-nji ýylda-da Täjigistanyň kubogyny gazanandygyny ýatdan çykarmaly däl. Şol möwsümde topar Ýokary ligada ýaryşýardy.

Şeýlelikde, «Rawşan» 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy. Eger topar AFK-dan degişli ygtyýarnamany alyp bilse, indiki möwsümde Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri bilen yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna gatnaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň