Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Lebap welaýatynda mobil aragatnaşykdan peýdalanyjylaryň sany ep-esli artdy

15:1518.10.2020
0
6028
Şu ýyl Lebap welaýatynda mobil aragatnaşykdan peýdalanyjylaryň sany ep-esli artdy

«Altyn asyr» mobil aragatnaşyk operatory boýunça şu ýylyň ýanwar ― sentýabr aýlary aralygynda Lebap welaýatynda ilata 90 müňe ýakyn telefon belgi satyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Kompaniýanyň gepleşik we Internet boýunça täze hyzmatlary hödürlemegi bilen müşderileriň sany barha artýar.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda öý telefonlary üçin paýlanylan täze belgileriň sany 1,5 müňden geçdi. Bu işiň hem esasan täze döreýän ilatly ýerlerde ýaýbaňlandyrylýandygyny aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň