Şu tomusda geçirilmän galan Ýewropa çempionatyna gatnaşjak 4 ýygyndy belli däldi. Olar aslynda mart aýynda belli bolmalydy. Ýöne hemmä mälim bolan ýagdaý sebäpli şol 4 toparam, Ýewropa çempionaty-da soňa süýşürilipdi. Netijede, düýnki oýnalan duşuşyklardan soň, EURO 2020-niň pleý-off tapgyrynda çykyş etjek 8 ýygyndy belli boldy. Pleý-offuň ýarym final tapgyrynda “A” toparçada Wengriýa Bolgariýany 3-1, Islandiýa bolsa Rumyniýany 2-1 ýeňdi. “B” toparçada çekelşikli geçen we 1-1 tamamlanan oýunda Demirgazyk Irlandiýa Bosniýa we Gersegowinany penaltilerden soň, 4-3, Slowakiýa hem esasy wagty golsuz gutaran duşuşykda Irlandiýany penaltiler esasynda ýeňmegi başardy (4-2). “C” toparçada Serbiýa goşmaça wagtda Milinkowiç-Sawiçiň gollary bilen Norwegiýany 2-1 utdy. Esasy wagty 0-0 gutaran duşuşykda-da penaltilerde 5-3 üstünlik gazanan Şotlandiýa Ysraýyly ýeňlişe sezewar etdi. “D” toparçada bolsa, Gruziýa Belarusy 1-0, Demirgazyk Makedoniýa bolsa Kosowony 2-1 ýeňip, pleý-offuň final tapgyryna çykdy.
Şoňa görä, pleý-offuň final tapgyrynda Wengriýa – Islandiýa, Demirgazyk Irlandiýa – Slowakiýa, Serbiýa – Şotlandiýa hem-de Gruziýa – Demirgazyk Makedoniýa duşuşyklary oýnalar. 12-nji noýabrda oýnaljak bu oýunlarda ýeňiş gazananlar, ýagny 4 ýygyndy EURO 2020-de çykyş etmäge ygtyýar alarlar.
