“Güneşli Zaman” jaýlary kärendesine bermek boýunça hünärmen hyzmatlaryny hödürleýär

18:3707.10.2020
0
12333

Satyn almakdan tapawutlylykda, gozgalmaýan emlägi kärendesine almak şübhesiz artykmaçlyklardan ybaratdyr: obýekt satyn almak bilen baglanyşykly uly maýa goýumlaryny talap etmeýär we öý eýelerine hödürlenilýän hyzmatlaryň köpüsi az çykdaýjylar bilen teritorial gurşawyň mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.

Jaý kärendesine almagyň birnäçe artykmaçlyklary bar: häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsi ýüzülýän howuzy, tennis meýdançasy, kir ýuwulýan ýeri, awtoulag duralgasy ýaly birnäçe amatlyklara eýedir. Şeýle hem, iş ýerine has ýakyn jaýy kärendesine alyp bolar.

Jaýlary agentlik arkaly kärendesine almagyň öz artykmaçlyklary hem bar, ýogsa hiç kim araçylaryň hyzmatyna ýüz tutmazdy. Gozgalmaýan emläk hünärmeni, müşderiniň isleglerini çalt kesgitlemäge kömek eder we bar bolan tekliplerini hödürlär. Mundan başga-da, müşderileriň arasyndaky şertnamada görkezilen ähli ujypsyz aýratynlyklar göz öňünde tutulýar bu bolsa, islendik ýagdaýda kömek etmäge ýardam berýär. 

“Güneşli Zaman” gozgalmaýan emläk agentligi, ofis, ýaşaýyş jaý ýa-da telekeçilik işi üçin kärendesine ýer almak isleýänleriň hemmesine hyzmatlaryň doly bukjasyny hödürleýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň ussat hünärmenleri  müşderileriň ähli isleglerini göz öňünde tutýarlar, ýagny: ýerleşýän ýeri, kärende wagty, ýeri, gatlaryň sany, otaglaryň sany we ş.m.

Kärendesine alnan gozgalmaýan emlägiň şertnamasyny taýýarlamak we emläk sanawnamasyny düzmek hyzmaty şertmananyň ýany bilen hödürlenýär. Taýýarlyk işleri, öý eýesi bilen kärendeçiniň arasynda bolup biläýjek düşünişmezlikleriň we nägilelikleriň öňüni almaga kömek edýär. Kärende şertnamasy 3 aýyň içinde ýatyrylsa, hünärmenler kärenendeçilere täze müşderini tapmaga mugt kömek eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň