Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan öz raýatlaryny Türkiýeden alyp geldi

23:2024.09.2020
0
52127

Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny getirmek  boýunça işlerini dowam etdirýär.

Şu gün agşam Türkmen howa ýollarynyň Boeing-777-200LR uçary koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar bes edilenden soň Türkiýede galmaga mejbur bolan türkmen raýatlaryny Türkmenabadyň halkara howa menziline alyp geldi. 

Howa menziliniň maglumat gullugynyň “Türkmenportala” beren habaryna görä, bu ýörite uçuş Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça gurnaldy.

BSGG-nyň düzgünlerine görä, Türkiýeden gelen raýatlaryň ählisi Türkmenabat şäherindäki saglyk merkezlerinde iki hepdelik karantin gözegçiliginde bolarlar.

Mundan öň, Türkmenistan pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlaryny gurnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň