Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler

13:4519.09.2020
0
14284

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow 18-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Döwlet haryt-çig mal biržasyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Biržanyň işiniň ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygyny nazara alyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşmagy hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini «Aşgabat gazna biržasynyň» üsti bilen TSTB-siniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän edaralaryň we kärhanalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky meselä ünsi çekip, dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň, esasan, paýdarlar jemgyýetleri görnüşindedigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmagy başartjakdygyny nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň