Soňky habarlar

Arhiw

Jebeldäki ses we ýylylyk saklaýjy materiallary gurmak Italiýanyň kompaniýasyna ynanyldy

23:4818.09.2020
0
20086

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, täze gurluşyk serişdeleriniň görnüşini köpeltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurnamak üçin enjamlary satyn almak, ministrligiň Balkan kän müdirliginiň diwar materiallaryny öndürýän önümhanasynyň binasyny düýpli abatlamak hem-de enjamlary gurnamak barada Italiýa Respublikasynyň «Gamma Meccanica S.p.A.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we kärhanany 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň