Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa Türkmenistanyň daşary söwdasynda üçünji orny eýeleýär

08:4804.09.2020
0
12203

Geçen ýyl Italiýa ýurdumyzyň daşary söwdasynda 3-nji orny eýeledi diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy.

Şunda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy bir ýarym milliard amerikan dollaryndan gowraga barabar boldy. Häzirki wagtda Italiýanyň türkmen önümleriniň eksporty boýunça hyzmatdaşlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigi bellärliklidir.

Bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda nebitgaz ulgamy ýaly strategik ähmiýetli topluma aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda «ENI» kompaniýasy işleýär. Bu kompaniýa ýurdumyzda alyp barýan işini giňeltmäge çalyşýandygyny görkezýär. Mundan başga-da, italiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler.

Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Bu babatda, ilkinji nobatda, gürrüň esasy çig mal hökmünde tebigy gaz ulanylýan önümleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygy barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan ugurlarda işleýän italýan işewürliginiň wekilleriniň türkmen kärdeşleri bilen ýakyn wagtda onlaýn duşuşygyny guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda bu ulgamda “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen bilelikde işlemegiň mümkinçiligine garalýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin emeli hemra arkaly anyk maglumatlary almaga gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň isleglerini öwrenmegi üçin Pudagara topar döredildi. Döwlet düzümleriniň teklipleri öwrenilenden soň, bu kompaniýa bilen gepleşiklerde geljekki ädimler barada habar berler.

Şunuň bilen bir hatarda, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde beýleki bir meşhur italýan kompaniýasy — “Leonardo” kompaniýasy bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekilmeginiň geçen ýylyň noýabr aýynda Milanda geçirilen türkmen-italýan işewürler forumynyň netijesi bolandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenistanda Gün batareýalary üçin panelleri çykarýan kärhanany, keramiki önümleri öndürýän önümçiligi döretmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak ýaly taslamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň