Soňky habarlar

Arhiw

PÝGG durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri täze usulda jogapkärçilige çekýär

15:2721.08.2020
2
38019

Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginde şu ýylyň awgust aýynyň başyndan PÝGG-nyň işgärleri Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 534-nji maddasynyň 4-nji bölegi esasynda durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen degişli jogapkärçilige çekip başlandyklaryny mälim etdiler.

Ýurdymyzda ýol hereketiniň, ýangyn we jemgyýetçilik tertibiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen. köp gatly ýaşaýyş toplumlarynda, köçelerde, dynç alyş ýerlerinde hem-de beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri durmak we säginmek kadalaryny bozan sürüjileri fotosurata düşürip, ýüze çykarylan hukuk bozulmalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron resminama görnüşinde resmileşdirip, ulag serişdeleriniň eýelerine (eýelik edijilerine) degişli jerimeler bellenilýär.

Şu çäreler hukuk bozulmalary duýdurmak, bellenilen kadalary takyk we gyşarnyksyz berjaý etmek, beýleki ýol hereketiniň gatnaşyjylarynyň hukuklaryny hormatlamak hem-de sürüjileri jemgyýetiň öňünde jogapkärçiligini duýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen amala aşyrylýar, şeýle hem köp gatly ýaşaýyş toplumlarynda awtoduralgalary gurmak bagly bolan meseleler boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirligine ýüz tutmak maslahat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
DurdYMERET ( 21.08.2020 )

Без комментария

8
DurdYMERET ( 21.08.2020 )

Статья 21 Августа а работает это закон уже в начале августа

4