PSŽ Çempionlar ligasynda ilkinji gezek finalda çykyş eder

10:5319.08.2020
0
8304

UEFA Çempionlar ligasynyň ilkinji finalçysy PSŽ boldy. Parižliler ýarym finalda ýylyň garaşylmadyk topary Leipsigi 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. PSŽ toparyny finala çykaran gollary 13-nji minutda Markinios, 42-nji minutda Anhel Di Mariýa hem-de 56-njy minutda Huan Bernat derwezä gönükdirdi. Başga-da birnäçe amatly pursaty elden gideren PSŽ topary 50 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy. PSŽ Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 34-nji duşuşykda-da tapawutlanyp, “Real Madridiň” rekordyny täzeledi. PSŽ soňky gezek 2016-njy ýylyň aprelinde “Mançester Siti” bilen bolan oýunda gol geçirip bilmändi.  

PSŽ-niň finaldaky garşydaşy şu gün belli bolar. Şu günki ýarym finalda “Bawariýa” bilen “Lion” özara güýç synanyşar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň