Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyk edaralary Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýörişleri geçirdiler

14:2405.06.2020
1
11106

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklibi boýunça döredilen Bütindünýä welosiped güni Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan ýüzlerçe müň adamy birleşdirdi.

«Neýtranyý Turkmenistan» gazetini berýän habaryna görä, bu şanly sene mynasybetli Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskde, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, Özbegistanyň paýtagty Daşkentde we Türkiýe, Gruziýa, Ýaponiýa, Hytaý, Fransiýa, Rumyniýa, BAE ýaly döwletleriň birnäçe şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.

Türkmenistanyň şol döwletlerdäki ilçihanalary we konsullyk edaralary tarapyndan geçirilen ýörişlere müňlerçe adam, şol sanda şol ýurtlarda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň, meşhur kompaniýalaryň wekilleri, türgenler, ýerli jemgyýetçilik guramalary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Minsk, Türküstan, Daşkent, Buharest, Stambul, Ankara, Tokio şäherlerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem bu wakalaryň jümmüşinde boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň