Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýyndaky Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» möhümdigi bellenildi. Resminama laýyklykda, ýurduň köptaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny alyp barýan halkara we sebitara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Şolaryň hatarynda Bütindünýä söwda guramasy hem bar. Bu gurama dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny utgaşdyrmak we bu ugurda halkara kadalaryny düzmek hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr.
Häzirki wagtda Bütindünýä söwda guramasyna dünýäniň 164 döwleti agza bolup durýar.
Şeýle hem 24 döwlet bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär. Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak we bu guramanyň işine gatnaşmak bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Hökümet topary döredildi.
Bu toparyň mejlisleriniň hem-de BSG-niň degişli wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça ilkinji ädim hökmünde ýurdumyzyň bu gurama synçy bolup gatnaşmagy milli ykdysadyýetimiziň kämilleşmegine has amatly mümkinçilikleri döretjekdigi anyklanyldy.
Munuň özi, hususan-da, Türkmenistanyň BSG-niň resmi çärelerine, esasy halkara duşuşyklaryna we forumlaryna gatnaşmagy, iki tarapyň wekiliýetleriniň saparlarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy arkaly degişli hünärmenleriň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de bu abraýly guramanyň çäklerinde sebit we halkara söwdasyny ösdürmek boýunça milli başlangyçlary öňe sürmek we beýlekiler üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, ESKATO, Bütindünýä banky we Aziýa ösüş banky ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga täze itergi berler.
Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda we halkara tejribe esasynda Bütindünýä söwda guramasynda ýurdumyzyň synçy derejesini almagy üçin degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň geljegi bilen bagly meselelere ünsi çekip, halkara gatnaşyklary ösdürmekde söwda ulgamynyň tutuş ykdysady ulgama uly täsir edýändigini, önümçilik pudaklaryny bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge, innowasion marketing çemeleşmelerini ulanmaga höweslendirýändigini belledi. Häzirki wagtda söwda ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň täsirli guraly bolup durýar. Munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiligi meselelerini çözmäge hem ýardam edýär.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady ulgamyna yzygiderli goşulyşmagynyň bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, onuň maýa goýumlary babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Şeýlelikde, BSG bilen gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagy hem-de bu guramada synçy derejesine eýe bolunmagy Türkmenistana diňe bir ählumumy işlere işjeň gatnaşmaga däl, eýsem, özüniň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.