Türkmenistan EKOSOS-yň iki komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy

21:4623.04.2020
0
7250

BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine meýilleri hem-de ýurdumyzyň ählumumy hyzmatdaşlygyň bu iri meýdançasynda täsiriniň güýçlenýändigini tassyklady.

EKOSOS halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda döwletler üçin maslahatlary işläp taýýarlamakda merkezi meýdança bolup durýar. Bu geňeşiň alyp barýan işleriniň dürli ugurlary boýunça onuň ýörite komissiýalary hereket edýär. Türkmenistanyň 2014 — 2016-njy ýyllar döwri üçin Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýanyň hem-de Durmuş ösüşi boýunça komissiýanyň 2014 — 2017-nji ýyllar döwri üçin agzalyga saýlanandygyny ýatlamak gerek.

Bu düzümleriň hataryna täzeden saýlanmak bilen, ýurdumyz öz ugrunda aýratyn mümkinçilikleri bolan bu meýdançany innowasiýa pikirlenişi ösdürmek, möhüm ynsanperwerlik meselelerini çözmekde ylalaşyga ýetmek boýunça işjeň peýdalanmagy maksat edinýär.

EKOSOS-nyň komissiýalaryna nobatdaky gezek saýlanylmagy däp bolan Türkmenistan — BMG hyzmatdaşlygyna goşmaça kuwwat berer, 22-nji aprelde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, şeýle hem üç ýyl mundan ozal onuň Aşgabada bolan saparynyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň strategik häsiýeti aýratyn nygtaldy.

Ýurdumyzyň BMG-niň bu we beýleki düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy adamlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, biziň toplan durmuş-ykdysady ösüşde we toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň okgunly ösýän döwletleriň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýelemegini üpjün edýän tejribämizi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň ilkinji derejeli wezipelerini çözmekde geçirilýän çäreleriň hiliniň hem-de netijeliliginiň artdyrylmagyna gönükdirilen netijeli maslahatlary işläp taýýarlamaga

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň