Arslanmyrat Amanow: «Türkmenistanyň çempionatynyň dowam etdirilmegi ― uly üstünlik»

12:0915.04.2020
0
5855

Gysga wagtlyk arakesme berlen futbol boýunça Türkmenistanyň futbol çempionaty 19-njy aprelden dowam etdirler. Janköýerleri begendiren bu habar, daşary ýurtda çykyş edýän ildeşlerimizem biparh goýmady. Milli ýygyndymyzyň Özbegistanyň super ligasynda çykyş edýän oýunçysy Arslanmyrat Amanow Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtyna çempionatyň dowam etdirilmegi bilen bagly pikirlerini beýan etdi:

- Ilki bilen-ä milli çempionatymyzyň dowam etdirilmeginiň özi uly üstünlikdir. Bu ýagdaý ata Watanymyz Türkmenistanyň näderejede bagtyýar we ajaýyp ýurtdygyny görkezýär we hemmämizi begendirýär. Toparlaryň hemmesine-de üstünlik arzuw edýärin! Turuwbaşdan «Köpetdagyň» birinji orna geçip, oýunlaryň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy öňegidişlikden habar berýär. Bizem ýurdumyzda barha rowaçlanýan sanly ulgam arkaly milli çempionatymyz bilen yzygiderli tanşyp durarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň