TDBGI-niň mugallymlary we talyplary «Aşgabat ― Türkmenabat» awtobanynda göçme okuw sapagyny geçirdiler

16:5302.04.2020
0
2398

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň professor-mugallymlary ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan «Aş­ga­bat — Türkmenabat» häzirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başlanýan ýerinde talyp ýaşlar bilen göçme okuw sapagyny guradylar ― diýip, «Watan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde mugallymlar talyp ýaşlary bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini, onda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklary, maşyn-mehanizmleriň görnüşleri, olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdyrdylar.

Talyplar «Aşga­bat — Türk­me­na­bat» hä­zirki zaman ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň iki kilometre uzaýan ýerinde ýol hereketine wideogözegçiligi amala aşyrjak awtobanyň töleg terminalynyň dolandyryş binasynyň gurluşyk işleri, ýol gatlaklary üçin zerur bolan materiallaryň aýratynlyklary, daş materiallaryny sortlaýjy maşynlaryň ýerine ýetirýän işleri we ýol üçin ulanylýan daş materiallarynyň ölçegleri bilen tanyşdylar, şeýle-de fakultetiň Geodeziýa kafedrasynyň talyplary, halypa mugallymlarynyň ýolbaşçylyk etmekliginde, ýörite geodeziýa ölçemelerini ýerine ýetirdiler.

Taslama laýyklykda, ýol düşegi köp gatdan ybarat bolar. Birinji düşek iri daşly bolup, onuň üstüne 30 santimetr beýiklikde 2 gat çägeli çagyl düşelýär. Dykyzlanandan, basgylanandan soň, indiki 20 santimetr galyňlykda bolan çägeli çagyl düşelýär we şondan soň 3 gat asfalt bilen örtülýär. Asfaltyň 3 gatlagynyň birinjisi 10 santimetr beýiklikde iri däneli garyndyly, ikinjisi 7 santimetr gyzgyn garyndyly we üçünjisi üstki gatlagynyň beýikligi 5 sm gyzgyn ownuk däneli asfaltdyr. Ýoluň asfalt bilen üpjünçiligini «Hyzmat» merkeziniň asfalt-beton taýýarlaýjy zawody üpjün edýär. Zawod ýoluň 23-nji kilometrinde ýerleşýär. Her 200 metre 1 müň tonna golaý asfalt sarp edilýär.

Hünärine laýyklykda, fakultetiň «Köprüler we ulag tonnelleri» hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary ýoluň ugrundaky köprülerde we geçelgelerde alnyp barylýan işleri öz gözleri bilen synlap, şol işleri ýörite hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmekliginde, ýerine ýetirip hem gördüler.

Ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan şu hili guramaçylykly çäreler, guralýan dürli görnüşli sapaklar talyp ýaşlaryň zamanabap tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli, ylymly we tejribeli hünärmenler bolup ýetişmeklerine, olarda belent adamkärçilik, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik sypatlarynyň jemlenmegine ýakyndan ýardam berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň