Top.Mail.Ru

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň ýazky dynç alyş möwsümi 6-njy aprele çenli dowam eder

19:2730.03.2020
0
53875

Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde ýazky dynç alyş möwsümi 6-njy aprele çenli uzaldyldy. Türkmenistanyň bilim ministriniň buýrugy bilen gelnen bu çözgüt koronowirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Bu barada «Türkmenportala» Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginden habar berildi.

Ilkinji hadysalary geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinde hasaba alnan COVID-19 pandemiýasy häzirki wagtda 177 ýurda täsir edýär.

Türkmenistanda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda we milli kanunçylygy göz öňünde tutup, pandemiýanyň ýurda girmeginiň we howply ýokanç keselleriň öňüni almak üçin zerur çäreler öz wagtynda geçirilýär.

Hususan-da, 2020-nji ýylyň 19-njy martyndan 30-njy apreline çenli Türkmenistan ähli halkara gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdy. Mundan başga-da, ýurtda meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleriň hemmesi (sergiler, ýarmarkalar, sport, ýaryşlary, konsertler we ş.m.) ýatyryldy ýa-da soňa süýşürildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden berlen maglumata görä, ýurtda henize çenli koronowirus bilen bagly ýekeje hadysa hem hasaba alynmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň