Türkmenistanda sanly neşir ulgamyna geçilýär

14:3819.03.2020
0
43022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 18-nji martda geçirilen iş mejlisinde döwlet Baştutanyna köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe we sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milletiň Lideriniň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna Türkmenistanyň gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary hem-de beýleki web-serişdeleri döretmek barada ozal beren tabşyryklary boýunça habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine hem-de guramaçylyk düzümlerine täze gurallar, usullar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Olary sanly ulgama öwürmegiň barşynda döredijilik we önümçilik edaralarynyň arasynda içki tor ulgamy ýola goýuldy, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň tehniki önümçilik bilen gatnaşyklary has işjeňleşýär.

Türkmenistanyň Metbugat merkezinde sanly neşir üçin ýöriteleşdirilen poligrafiýa programmalary hem-de häzirki zaman çözgütleri ulanylýar. Şolar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, çap edilýän neşirleri elektron we internet görnüşine geçirmegiň türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň biridigini, munuň olary häzirki zamanyň ölçegleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesini öwrenmek we özleşdirmek, täze media-tehnologiýalary işjeň peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerur diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Munuň özi metbugat we elektron neşirleriniň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, eziz Diýarymyzyň durmuşy, onuň üstünlikleri we gazananlary barada halkara jemgyýetçiligiň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň