Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: Wahyt Orazsähedow «Istiklolyň» «Hujand» bilen boljak duşuşygynyň ätiýaçdaky düzümine alyndy

17:2211.03.2020
0
3721

«Istiklolyň» metbugat gullugyndan berilýän habara görä, AFK-nyň kubogy ― 2020-niň toparçalaýyn tapgyrynda «Hujand» bilen boljak duşuşykda türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow ätiýaçdaky düzüme alyndy.

Duşuşyk şu gün agşam Duşenbedäki Merkezi respublikan stadionda geçiriler. «Istiklol» ― «Hujand» duşuşygy yklym ýaryşynyň Merkezi zolagynyň açylyş oýny bolar. Bu toparçada («D» toparça) «Altyn asyr» bilen «Dordoýyň» hem ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Duşuşykda janköýerlersiz geçiriler. Ol Täjigistanyň «Warziş» we «Futbol» teleýaýlymlaryndan göni ýaýlymda berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň