Daşoguz şäherinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çeperçilik sergisi açyldy

10:0702.03.2020
0
5179

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Gözelligiň waspy» atlt wagtlaýyn sergi açyldy. Ol Halkara zenanlar gününe bagyşlanýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Sergi çeperçilik sungatynyň eserlerinden, heýkellerden, bezeg işlerinden we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat. Serginiň aýratyn bölüminde okuwçylaryň we welaýat sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň eserleri görkezildi.

Sebitiň meşhur suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň döreden eserlerinde bahar gözellikleri we gelin-gyzlar wasp edilýär.

Nurjahan Şyhyýewäniň «Pasyllar» atly grafiki eseri,  Nargiz Şamyradowanyň akwarel reňkler bilen kendirikde ýerine ýetiren işleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Orazguly Kakaýewiň ýasan şaý-sepleri we beýlki işler sergä gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy.

Baýramçylyk sergisi Suratkeşler birleşiginiň welaýat bölümi, sebitiň Medeniýet müdirligi we muzeý işgärleri tarapyndan guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň