UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda "Bawariýa" "Çelsini" uly hasap bilen ýeňdi

10:4226.02.2020
0
3507

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň çäginde “Çelsi” öz meýdançasynda “Bawariýany” kabul etdi. 1-nji ýarymy golsuz geçen duşuşygyň 2-nji ýarymynda “Bawariýa” garşydaşyny derbi-dagyn etdi. 51-nji we 54-nji minutlarda Gnabriniň hem-de 76-njy minutda Lewandowskiniň gollary bilen “Bawariýa” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 84-nji minutynda "Çelsiniň" ispaniýaly futbolçysy Markos Alonso gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Myhmançylykda gazanylan bu ýeňişden soň, jogap duşuşygynda garaşylmadyk waka bolaýmasa, “Bawariýa” çärýek finala çykdy diýse bolar. Ýöne soňky ýyllarda Çempionlar ligasynda yza gaýdyşlaryň köp bolýandygyny hem belläliň. Bu ýeňliş “Çelsiniň” Çempionlar ligasynyň çäklerinde öz meýdançasyndaky iň uly hasaply ýeňlişi boldy.

“Bawariýa” topary bolsa, ýene bir ýola Londondan uly hasaply ýeňiş bilen dolandy. Olar mundan öň Londonda oýnan 2 duşuşygynda-da taryhy ýeňişleri gazanypdy. 2017-nji ýylda “Arsenaly” 5-1, şu möwsümde toparçadaky duşuşykda-da “Tottenhamy” 7-1 hasap bilen ýeňipdi. Başgaça aýdylanda, “Bawariýa” toparyna Londonda duşuşyk geçirmek şowly netijeler gazandyrýar. Şeýle-de edil şonuň ýaly oýnuň gahrymany saýlanan Gnabri üçinem Londondan oýnamak has oňaýly bolýar. Belli bir döwürde “Arsenalda” çykyş eden Gnabri şu möwsümde Çempionlar ligasynda geçiren 6 goluny hem Londondaky duşuşyklarda derwezä girizdi.

“Bawariýa” Çempionlar ligasynda myhmançylykda 13 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär (10 ýeňiş, 3 deňlik). Şeýle-de “Bawariýa” şu möwsümde ÇL-de oýnan 7-nji duşuşygynda-da 2 we ondan köp gol geçirmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň