Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Dýusseldorfdaky «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşarlar

22:5111.02.2020
0
6572

Türkmen türgenleriniň ikisi dzýudo boýunça «Dusseldorf Grand Slam 2020» atly halkara ýaryşa gatnaşarlar. Bu ýaryş 21 ― 23-nji fewral aralygynda Germaniýanyň Dýusseldorf şäherinde geçiriler ― diýip, Halkara dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Halkara ýaryşa biziň ýurdumyzdan Hakberdi Jumaýew (60 kilograma çenli agram derejesinde) bilen Gülbadam Babamuradowa (52 kilograma çenli agram derejesinde) wekilçilik eder. Umuman, Germaniýada 121 döwletden 793 türgen ýaryşar.

Dýusseldorfdaky halkara ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň çägine girýär. Nobatdaky saýlama ýaryşlar mart aýynda Ýekaterinburgda, maýda Bakuwda geçiriler. Eger türkmen dzýudozçylary bu ýaryşlarda ýokary netije görkezip bilseler, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň