1990-njy ýyllarda ekranlara çykan we häzir wagtda-da ýygy-ýygydan teleýaýlymlarda görkezilýän “Öýde ýeke özi” (Home Alone) filminiň dowamy surata düşüriler. “Disney” kompaniýasynyň garamagynda surata alynjak filmde ozalky kinolaryň baş keşbini janlandyran Makoleý Kalkiniň hem täze filmde surata düşmegine garaşylýar.
Köp wagtdan bäri surata düşürilmegi meýilleşdirilýän filmiň nähili ssenaride boljakdygy näbellidi. Ýagny täze filmiň ozalky kinolaryň dowamy ýa-da täzeden düşürilmegi barada maslahatlar alnyp barylýardy. Ahyrynda “Disney” kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gelen netijesi boýunça filmiň dowamy surata düşüriler. Ýeri gelende aýtsak, aslynda kino “21st Century Fox” (ozalky 20th Century Studios) şereketiniň önümidi. Ýöne “Disney”-iň bu kompaniýany geçen ýylyň awgustynda 71 milliard dollara satyn almagyndan soň, filmiň ähli hukugy-da “Disney” şereketine degişli boldy.
Soňky çykan habarlara görä, 39 ýaşly Makoleý Kalkin täze filmde-de surata düşer. Ol bu gezek öz şereketi bolan işewüriň keşbini ýerine ýetirer. Bu gezekki kinoda bolsa, garagol çaganyň keşbini 11 ýaşyndaky iňlis aktýory Arçi Ýeýtes janlandyrar. Ol “Towşan Jojo” (Jojo Rabbit) filmindäki keşbi bilen meşhurlyga eýedir. Bulardan başga-da täze filmde komediýaçylar – aktýor Rob Delani bilen aktrisa Elli Kemper hem surata düşerler. Filme Dan Meýzeriň režissýorlyk etmegine garaşylýar.
Kris Kolambusyň surata düşüren 1991-nji we 1992-nji ýyllardaky “Öýde ýeke özi” filmleriniň 1-nji we 2-nji bölümleri prokatlardan 836 million dollar girdeji toplapdy.

