Şu gün 5-nji fewral. Futbol taryhyndaky iň bilinýän günleriň biri. Sebäbi şu gün dünýä futbolynyň ägirtlerinden käbirleriniň doglan günleri. Şolaryň iň esasysy gürrüňsiz portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldodyr. 1985-nji 5-nji fewralynda Portugaliýanyň garamagyndaky Madeira adasynda ýerleşýän Funşal şäherinde dünýä inýär. “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” klublarynda oýnan we häzirki wagtda “Ýuwentusda” çykyş edýän Ronaldo klub karýerasy boýunça 833 oýunda 623 gol geçirdi. Milli ýygyndyda 164 duşuşykda 99 pökgini öz adyna ýazdyran Ronaldodan başga-da şu günki dünýä inen futbolçylaryň ýene biri braziliýaly Neýmardyr. 1992-nji ýylyň 5-nji fewralynda San-Paulunyň Modi Das Kruzes şäherinde dünýä inýär.
Şeýle-de argentinaly Karlos Tewez şu gün 36, rumyn futbolynyň ägirdi Jorj Haji 55, edil şonuň ýaly ispaniýaly tälimçi Kiki Sançes Flores hem 55, gollandiýaly ozalky futbolçy, häzirki tälimçi Jiowanni Wan Bronkorst 45, gollandiýaly futbolçy Stefan De Wrij 28, belgiýaly futbolçy Adnan Ýanuzaý 25, argentinaly futbolçy Rodrigo Palasio 38, horwatiýaly futbolçy Wedran Çorluka 34 ýaşyny doldurdy.
Galyberse-de, şu gün italýan futbolynyň ägirdi Paolo Maldininiň kakasy Çesare Maldininiň hem doglan güni bolup, 2016-njy ýylda aradan çykan futbol hünärmeni 1932-nji ýylda ýurduň Trieste şäherinde dünýä inipdi.

