Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Türkiýedäki ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Struga» toparyny ýeňdi

21:0424.01.2020
0
4061

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde geçiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Struga» toparyndan üstün çykdy.

«Ahalyň» birinji golunyň awtory hüjümçi Pirmyrat Sultanow boldy. Ol 16-njy minutda toparyny öňe saýlady. Duşuşykdaky ikinji pökgini bolsa ikinji ýarymda Artur Geworkýan geçirdi.

«Struga» Demirgazyk Makedoniýanyň adybir şäherine wekilçilik edýän topardyr. Ol 2015-nji ýylda döredildi. 2019-njy ýylda Demirgazyk Makedoniýanyň Ikinji ligasynda çempion bolan «Struga» bäş ýyllyk taryhynyň içinde ilkinji gezek Birinji ligada, başgaça aýtsak, ýurduň iň ýokary ligasynda ýaryşýar. Häzire çenli 24 utuk toplan topar ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda.

Mundan ozal «Ahal» Türkiýede Gazagystanyň «Irtyşyndan» utulyp (1:3), «Kyzyl-Žary» ýeňipdi (1:0). «Ahalyň» täze möwsümiň bosagasyndaky birinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji ýanwarda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň