Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde Ýetginjekleriň üçünji Gyşky Olimpiýa oýunlaryna badalga berildi. Oňa taryhda ilkinji gezek türkmen türgeni hem gatnaşýar. Has takygy, 15 ýaşly hokkeýçi Nowruz Baýhanow Olimpiýa oýunlarynda biziň ýurdumyza wekilçilik edýär. Ol Oýunlaryň açylyş dabarasynda hem meýdana Türkmneistanyň Döwlet baýdagy bilen çykdy.
Türkmen türgeni hokkeýiň 3x3 görnüşi boýunça ýaryşlara goşular. Hokkeýiň bu görnüşi IIHF we ÝOO ― 2020-niň guramaçylyk komiteti tarapyndan Oýunlaryň maksatnamasyna girizildi. Bu görnüşdäki toparlary aýry-aýry döwletleriň wekilleri emele getirýär.
Ýetginjekleriň Gyşky Olimpiýa oýunlaryna 79 döwletden 2000-e ýakyn ýaş türgen gatnaşýar. Olar sport 8 görnüşi boýunça medallaryň 81 toplumy ugrunda göreşerler. Oýunlarda has uly wekilçilik Şweýsariýa, Russiýa, ABŞ, Germaniýa ýaly döwletlere degişli. Oýunlaryň düzgünnamasyna görä, ýaryşýan türgenleriň ýaşy 14 ― 18 ýaş aralygynda bolmaly. Oýunlar 22-nji ýanwara çenli dowam eder.