Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy (U-19) CAFA-nyň Täjigistanda geçirjek ýaryşyna gatnaşar

19:5908.01.2020
0
4246

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan 24 ― 29-njy ýanwar aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde 19 ýaşa çenli zenanlaryň arasynda futzal çempionaty geçiriler. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«CAFA ― 2020-de» alty döwletiň zenananlaryndan düzülen ýaşlar ýygyndylary ýaryşar. Olar ýer eýeleri ― Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarydyr.

Sebit ýaryşyna 24-nji ýanwarda badalga berler. Duşuşyklaryň ählisi Täjigistanyň Salgyt gullugynyň Duşenbe şäherindäki sport toplumynda geçiriler.

«CAFA ― 2020-de» 15 duşuşyk geçiriler. Ýagny, ýaryş bir aýlaw görnüşinde bolup, iň köp utuk toplan ýygyndy Merkezi Aziýanyň çempiony bolar. 

Duşuşyklaryň tertibi:

1-nji tapgyr. 24-nji ýanwar (anna)

Eýran — Täjigistan 

Gyrgyzystan — Owganystan

Özbegistan — Türkmenistan

2-nji tapgyr. 25-nji ýanwar (şenbe)

Täjigistan — Türkmenistan

Özbegistan — Gyrgyzystan

Eýran — Owganystan

3-nji tapgyr. 26-njy ýanwar (ýekşenbe)

Türkmenistan — Eýran

Owganystan — Özbegistan

Täjigistan — Gyrgyzystan

4-nji tapgyr. 28-nji ýanwar (sişenbe)

Gyrgyzystan — Türkmenistan

Owganystan — Täjigistan 

Özbegistan — Eýran

5-nji tapgyr. 29-njy ýanwar (çarşenbe)

Türkmenistan — Owganystan

Eýran — Gyrgyzystan

Täjigistan — Özbegistan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň