Soňky habarlar

Arhiw

Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gyşky möwsüme girişdi

22:3202.01.2020
0
13437

Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary öz gyşky dynç alyş günlerini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar.

Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň owazy astynda ene-atalar, mugallymlar, Täze ýyl çykyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-saz toparlary, şeýle hem ertekileriň gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk we 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk bilelikde oglan-gyzlary ugratdylar.

Gökderäniň dynç alyş merkezlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almak hem-de boş wagty peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri dürli maksatnamany işläp taýýarladylar. Şonda sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri, sungat ussatlary bilen duşuşyklar hem-de muzeýlere we teatrlara gezelençler, sahna çykyşlaryny hem-de şygryýet agşamlaryny guramak göz öňünde tutuldy.

Okuwçylar üçin dürli ugurlar boýunça gurnaklary, kompýuter progammalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça okuwlary, işjeň we öwreniş dynç alyşlary guralar. Şunda olara ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik hünärleri boýunça bilim alýan talyplar hem ýardam eder. Mahlasy, Gökdere olar üçin hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda oňat tejribe bolar.

Şeýle hem çagalar üçin paýtagtymyza — Döwlet muzeýine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, «Aşgabat» seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençler guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň