Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Internet 50» atly täze nyrh meýilnamasyny hödürleýär

09:4023.12.2019
0
60339

2019-njy ýylyň 28-nji noýabryndan başlap, «Altyn asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Internet 50» atly täze nyrh meýilnamasyny işe girizdi. Bu barada aragatnaşyk operatorynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Täze nyrh meýilnamasynyň aýlyk tölegi bir aýyň dowamynda 100 minut gepleşige, 100 SMS-e we 2 gigabaýt Internete mümkinçilik berýär. Meýilnamada bellenilen mukdar ulanylyp gutarylandan soňra, 1 megabaýt Internet üçin 5 teňňe alynýar.

Nyrh meýilnamasynyň aýlyk tölegi 50 manat. Oňa birikdirmek üçin müşderiniň hasabyndan 5 manat tutulýar.

«Altyn asyr» täze meýilnama öz telefonyňyzdan hem birikdirilmek mümkinçiligini hödürleýär. Munuň üçin *0809*6*1*2*133# buýrugyny bermek ýeterlikdir.

Kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän bu täze nyrh meýilnamasy Internetden has köp peýdalanýan müşderiler üçin peýdalydyr. Ýönekeý hasaba görä, bu nyrh meýilnamasynda 1 megabaýt Internetiň bahasy 2 teňňeden geçenok. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň