Soňky habarlar

Arhiw

Altymyrat Annadurdyýewiň goly AFK-nyň ses berlişiginde üçünji orny eýeledi

16:4909.12.2019
0
4170

«Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýewe degişli gol AFK-nyň kubogy ― 2019-da iň owadan gollaryň ilkinji üçlügine girdi. Bu barada konfederasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

AFK tarapyndan yglan edilen ses berlişige hüjümçiniň şu ýylyň iýun aýynda «Istiklol» bilen bolan duşuşygyň 49-njy minudynda geçiren goly goşulypdy. Türkmenistanly hüjümçiniň bu owadan goluna janköýerleriň 8 göterimi ses berdi. Ses berlişik AFK-nyň resmi saýtynda geçirildi.

Sesleriň 48 göterimini gazanan «PSM Makassaryň» ýarym goragçysy Marka Klokanyň «Lao Toyota» bilen bolan duşuşykda (7:3) geçiren goly ýeňiji boldy. Ikinji orny «Abahni Limitediň» hüjümçisi Jewela Ranyň «Manang Marsýandiniň» derwezesine geçiren (5:0) goly gazandy. Bu gola janköýerleriň 37 göterimi ses berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň