Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow: «„Dordoý“ üstünlikli möwsüm geçirdi»

21:0306.11.2019
0
5103

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň we Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoýynyň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedow gyrgyz çempionatynyň 2019-njy ýyldaky möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy. Türkmenistanly hüjümçi 28 duşuşykda 20 gol geçirdi. Ol çempionatyň «Kara-Balta» bilen geçirilen jemleýji duşuşygynda hem üç gol geçirip, möwsümi ajaýyp oýun bilen tamamlady. «Dordoýyň» metbugat gullugynyň taýýarlan interwýusynda ildeşimiziň möwsüm baradaky pikirlerine gyzyklanma bildirilýär.

― Siziň Gyrgyzystanda doly bir möwsümi geçirmegiňiz we gazanylan çempionlyk bilen gutlaýarys. Siziň Premýer-liga berýän bahaňyz nähili. Toparyňyz, geçen möwsüm barada nämeleri aýdyp biljek?

― Gutlag üçin sag boluň! Biz Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda ýeňildik, ýöne Naýbaşy kubok bilen çempionlyga mynasyp bolduk. Meniň pikirimçe, ähli maksatlar amal edildi. Her iki-üç günden bir oýun oýnadyk. Ýöne ýadadyk diýip bilmerin.

Gyrgyzystanyň çempionaty ― gyzykly. Ilkinji möwsümim maňa ýarady. Her dürli duşuşyk boldy: käbirinde garaşylan netijäni bermedik, käbirinde uly hasap bilen ýeňdik. Gol geçirip bilmän, ahmyrly bolan gezeklerimiz hem kän. Şeýle pursatlar hut şu duşuşykda hem boldy. Ýöne men möwsümden juda razy.

― Çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçy bolmak nähili duýgy?

― Örän ýakymly. Muny ähli topardaşlarymyň, tälimçilerimiziň zähmeti bilen başardyk. Şonuň maňa kömek edenleriň ählisine çäksiz hoşallyk bildirýärin. Olaryň bu günki duşuşykdaky kömegi has güýçlüdi.

― Möwsüm tamamlandy. Siz geljekde-de futboly «Dordoýda» dowam etmegi meýilleşdirýärsiňizmi?

― Hawa, möwsüm tamamlandy. Ýöne öňde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hataryndaky oýunlarym bar. Galanyna soň serederis. Aslynda, şertnamam möwsümiň ahyryna çenlidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň