Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa yklymy boýunça ikinji saýlama tapgyrynyň bäşinji bölüiminiň çäginde 14-nji noýabrda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyk üçin KHDR-nyň milli ýygyndysynyň hatarynda «Ýuwentusyň» hüjümçisi Han Kwan Sonuň Aşgabada gelmegine garaşylýar. «Köpetdag» stadionynda geçiriljek duşuşyk 16:00-da başlar.
Demirgazyk Koreýaly 21 ýaşly hüjümçi «Ýuwentusyň» düzüminde ýaşyl meýdana ilkinji gezek 26-njy oktýabrda «Leççe» bilen geçirilen duşuşykda çykdy. Ronaldonyň dynç aldyrylan duşuşygynda baş tälimçi Maurisio Sarri koreý hüjümçini meýdana goýberdi.
KHDR-nyň ýygyndysy türkmen futbolçylary üçin Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky iň çylşyrymly ýygyndydyr. Türkmenistan KHDR bilen taryhda dört gezek duşuşdy. Şolaryň ikisinde türkmen futbolçylary utulyşa çäre tapyp bilmediler. Beýleki iki duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.